Soňky habarlar

Arhiw

Halkara bäsleşikler: okuwçylar 136, talyplar 29 medal

11:4516.09.2019
0
1358

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 13-nji sentýabrynda geçirilen mejlisinde wise-premýer P.Agamyradow döwlet Baştutanyna türkmenistanly mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň şu ýylyň sekiz aýynda halkara bäsleşiklerde gazanan netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabatda hem aýdylyşy ýaly, Türkmenistanyň mekdep okuwçylary halkara ders we taslama bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, 136 medal (33 altyn, 31 kümüş we 72 bürünç), internet bäsleşiklerinde 108 medal (52 altyn, 22 kümüş, 34 bürünç) gazandylar. Türkmenistana wekilçilik eden talyplar halkara ders bäsleşiklerinde 29 medala (5 altyn, 10 kümüş, 14 bürünç) we 23 diploma, halkara internet bäsleşiklerinde 153 medala (30 altyn, 64 kümüş, 59 bürünç) we 67 diploma mynasyp boldular.

Bu gazanylan üstünlikleriň birnäçesi Turkmenportalyň habarlarynda hem beýan edildi.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň