Türkmenistanyň etraplarynda täze binalary gurmagyň gerimi has-da giňeldiler

10:4716.09.2019
0
1056

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 13-nji sentýabrynda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow  wise-premýer Ç.Purçekowa gurulýan desgalarda işleriň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany täze ýaşaýyş etrapçalaryny, myhmanhanalary, köçeleri, seýilgähleri gurmagyň, könelen ýaşaýyş jaýlary köp bolan etraplary tertibe salmagyň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, milletiň Lideri ýurduň içinde energiýa taslamalary boýunça işleri güýçlendirmegiň möhümdigini belledi - diýip, TDH ýazýar.

Bulardan başga-da, 2020-nji ýylyň gurluşyk maksatnamasyny taýýarlamak işini tamamlamak zerurdyr. Häzir hem, ozalkysy ýaly, esasy ünsi kärhanalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriňdir çagalar baglarynyň we beýleki durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna gönükdirmek wajypdyr. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere 2020-nji ýylyň maýa goýum maksatnamasyny seretmek üçin hödürlemegi hem-de bu ugurdaky ähli çykdajylary geljek ýylyň Döwlet býujetinde göz öňünde tutmagy tabşyrdy. Döwlet Baştutany bu wezipäni çözmäge örän jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigini nygtap, Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň jemlerine bagyşlanyp, geçiriljek mejlisinde gurluşyk bilen bagly meselelere ýene-de serediljekdigini aýtdy.

Wise-premýeriň mejlisde beren hasabatynda aýdylyşy ýaly, ýylyň sekiz aýynda gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça amala aşyrylan işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 100,2 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 105,6 göterime barabar boldy.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň