Ýylyň sekiz aýynda Türkmenistanda jemi öndürilen önüm 6,8 göterim artdy

10:3316.09.2019
0
867

Geçen hepdäniň anna gününde ― 13-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 8 aýynyň netijesine bagyşlanan  mejlisi geçirildi. Mejlisde wise-premýer G.Myradowyň hem hasabat berşi ýaly, ähli ministrlikler we pudak edaralary boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,8 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda ýokary önümçilik netijeleri gazanyldy.

Şu ýylyň sekiz aýynda, 2018-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek-satuw haryt dolanyşygy 19,1 göterim artdy, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi bolsa 1,2 göterim ýokarlandy.

Ýurdumyzyň iri hem-de orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 9,6 göterim ýokarlandy.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň