Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň täze goşgusyna aýdym döredildi

10:0416.09.2019
0
3181

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow geçen hepdäniň anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň ahyrynda özüniň «Türkmen alabaýy» atly täze şygryny okap berdi. Milletiň Lideriniň täze kitaby bilen atdaş şygyrda türkmen alabaýynyň häsiýetli aýratynlyklary wasp edilýär.

Döwlet Baştutanynyň kitabynyň Döwlet Mukamlar merkezinde geçirilen tanyşdyryş dabarasynda milletiň Lideriniň täze goşgusyna döredilen aýdym ilkinji gezek ýaňlandy. TDH-nyň bu baradaky habarynda hem aýdylyşy ýaly, bu aýdymyň dabarada ýaňlanmagy milletiň Lideriniň zehininden kemal tapan sungat eseriniň ynsan ruhuny göterýän gudratdygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň