Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly jiu-jitsu ussatlary Rumyniýada geçirilen halkara ýaryşda goşa medal gazandylar

22:3515.09.2019
0
7718

Rumyniýanyň Buharest şäherinde 13-15-nji sentýabr aralygynda ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda “Ju Jitsu Balkan Open World Cup-2019” jiu-jitsu boýunça dünýä kubogy ugrunda ýaryşlar geçirildi. Oňa Türkmenistan bilen birlikde 27 ýurtdan türgenleriň 1 müň 288-si gatnaşdy - diýip, TDH ýazýar.

Bu ýaryşda ýurdumyza pälwanlaryň bäşisi wekilçilik etdi. Ýaryşlaryň netijeleri boýunça 34 kilograma çenli agram derejesinde Aşgabat şäheriniň 107-nji orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy Muhammetaly Gurbanow kümüş medal gazandy, şol agram derejesinde paýtagtymyzyň 8-nji mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy Musa Kasymow bolsa bürünç medalyň eýesi boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň