Türkmenistanyň DHÇMB-de geçen hepde 4 million dollara ýakyn geleşik baglaşyldy

14:4015.09.2019
0
6171

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy ― diýip, TDH habar berýär.

Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýanyň, BAE-niň, Irlandiýanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna reňksiz aýnany we nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 876 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine RF-dan, Beýik Britaniýadan, Hindistandan gelen telekeçiler bahasy 1 million 556 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi we pagta şrotyny satyn aldylar.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin bahasy 21 million 600 müň manatlyga golaý Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropilen plýonkasyny, “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni we pagta süýümini satyn aldylar.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň