Soňky habarlar

Arhiw

Futzal tälimçileriniň Aşgabatda geçirilen «Level 2» okuw kursy tamamlandy

13:3515.09.2019
0
2805

14-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde futzal tälimçilerimiziň gatnaşmagynda “Level 2” (AFC Futsal Coaching Certificate Course Level 2) okuw kursunyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Okuw kursunyň soňky güni oňa gatnaşyjy tälimçiler ýörite synaglary tabşyrdylar ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Onuň ýapylyş dabarasynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Baş sekretary Arslan Aýnazarowyň çykyş edendigini hem aýratyn bellemek gerek. TFF-niň Baş sekretary okuw kursuny üstünlikli tamamlanlara işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Ol: “Geçirilen okuw kursy 2020-nji ýylda futzal boýunça geçiriljek Aziýa çempionaty-2020-niň, şeýle-de, klublaryň arasynda geçiriljek yklym ýaryşynyň öňüsyrasy tälimçilerimize tejribe mekdebi bolar” diýip aýratyn belläp geçdi.

Bu okuw kursuny eýranly futzal hünärmeni Şams Hosseýniň geçirendigini ýatladýarys. “Level 2” kursunyň tälimçilik tejribesini artdyrmagyň dowamy bolup durýandygyny bellemek gerek.

Tejribedir amaly sapaklary özünde jemleýän okuw kursunyň soňunda gatnaşyjylara ýörite sertifikatlar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň