Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň U-16 futbol ýygyndysy Türkiýäniň «Sultanbeýli Belediýespor» toparynyň ýaşlary bilen deňme-deň oýnady

13:1615.09.2019
0
9700

Aziýa çempionaty – 2020-niň saýlama tapgyryna taýýarlygynyň çäginde Türkiýäniň Stambul şäherinde okuw-tügrgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän Türkmenistanyň ýetginjekler (U-16) ýygyndysy “Sultanbeýli Belediýespor” toparynyň ýaşlar düzümi (U16) bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty ýazýar.

Esasy üns hüjümde jemlenen bu duşuşyk 3:3 hasabynda tamamlandy. Biziň toparymyzdan Begenç Mämiýew, Yslamberdi Goşaýew hem-de Rahymberdi Atabaýew tapawutlanmagy başardylar.

Batyr Şyhyýewiň (U-16) tälim bermegindäki okuw-türgenleşiginiň 16-njy sentýabra çenli dowam edýändigini ýatladýarys.

Ýaşlar ýygyndymyz Stambuldaky okuw-türgenleşiginiň dowamynda ýene-de birnäçe ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.

Ýygyndy toparymyz okuw-türgenleşiginiň yzysüresi 16-22-nji sentýabr aralygynda Daşkentde geçiriljek Aziýanyň çempionatynyň saýlama tapgyryny geçirmek üçin Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherine ugur alar.

Ýeri gelende bellesek, Aziýa çempionaty-2020-niň saýlama tapgyrynyň “B” toparçasynda çykyş edýän ýetginjekler ýygyndymyzyň garşydaşlary Özbegistanyň, Hindistanyň hem-de Bahreýniň ýygyndylary bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň