Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmen alabaýy» atly kitabynyň neşir edilmegine bagyşlanan dabara geçirildi

05:1715.09.2019
0
7401

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde döwlet Baştutanynyň nobatdaky eseriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar ― diýip, TDH habar berýär.

Mukamlar köşgüniň eýwanynda kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy mynasybetli sergi gurnalyp, onda görkezilýän gymmatlyklar Türkmenistanyň Prezidentiniň ýazan kitaplaryny hem-de täze çapdan çykan “Türkmen alabaýy” atly kitabyny, çeper beýan edilen dürli görnüşli surat eserlerini, heýkeltaraşlyk önümlerini, kümüş şaý-sepleri özünde jemleýär.

Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, “Türkmen alabaýy” atly kitap diňe bir dünýäde iň gadymy tohumlaryň biri bolan meşhur alabaý tohumynyň gelip çykyşy we ösüşi barada gürrüň bermek bilen çäklenmän, eýsem, alabaýyň medeni gymmatlygyny we özboluşlylygyny açyp görkezýär. Bu neşiriň sahypalarynda alabaýyň halk döredijiliginde, edebiýatda, çeper döredijilikde eýeleýän orny barada gyzykly maglumatlar bar.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen alabaýyna bagyşlanan täze kitaby ýurdumyzyň medeni-ruhy durmuşynda möhüm waka, milli gymmatlygymyzy wagyz etmekde täze belentlik hem-de ýakynlaşyp gelýän Garaşsyzlyk gününe watandaşlarymyza ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň