Soňky habarlar

Arhiw

Arslanmyrat Amanow toparynyň iň gymmat futbolçylarynyň 10-lugynda

21:4013.09.2019
0
1857

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň kapitany Arslanmyrat Amanow çykyş edýän toparynda ― Özbegistanyň «Lokomotiw» futbol toparynda iň gymmat oýunçylaryň 10-lugyna girizildi. «Championat.asia» saýtynyň «Transfermarkete» esaslanyp düzen sanawyna laýyklykda biziň ildeşimiz Jawohir Ilýosow bilen bilelikde 9 ― 10-njy orunlary paýlaşýar.

Toparyň iň gymmat bahaly oýunçysy hökmünde bolsa Sardor Mirzaýew bilen Temurjuha Abduholikow görkezilýär. «Transfermarketde» bu futbolçylar 1,5 million ýewro bahalanýar.

Şu ýyl AFK-nyň Çempionar ligasynyň toparçalaýyn ýaryşlaryna-da gatnaşan «Lokomotiwiň» transfer dünýäsindäki umumy gymmaty 11,33 million ýewro deňdir. Toparyň diňe üç futbolçysyna 1 million ýa-da ondan ýokary baha goýlupdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň