TÝl - 2019: "Köpetdagyň" myhmançylykdaky, "Aşgabadyň" öz meýdanyndaky ýeňşi bilen 18-nji tapgyra badalga berildi

20:4813.09.2019
0
599

Balkanabatda hem-de paýtagtda geçirilen duşuşyklar bilen Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynda 18-nji tapgyryň duşuşyklaryna badalga berildi. Tapgyryň ilkinji gününde "Nebitçi" "Köpetdagy", "Aşgabat" bolsa "Merwi" kabul etdi.

Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň resmi saýtynyň berýän habaryna görä, Balkanabatdaky duşuşyk 0:2 hasabynda myhman toparyň ýeňşi bilen tamamlandy. Paýtagtyň "Nusaý" stadionynda geçirilen duşuşykda bolsa "Aşgabat" "Merwi" 2:1 hasabynda ýeňdi.

Gazanylan ýeňişlerden soňra "Köpetdag" 26, "Aşgabat" 17 utuga çykdy. Hususan-da, ýaryş tertibiniň 7-nji ornundaky "Aşgabadyň" utuk babatynda 6-njy orundaky "Nebitçi" bilen deňleşendigine ünsi çekmek gerek. 5-nji basgançakdaky "Energetik" bolsa olardan 5 utuk öňde.

Çempionat ertir "Ahal" - "Energetik", "Altyn asyr" - "Şagadam" duşuşyklary bilen dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň