Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Horwatiýada geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşar

12:5313.09.2019
0
7743

Geljek ýylyň fewral ― mart aýlarynyň sepgidinde Aşgabatda geçiriljek Aziýa çempionatyna taýýarlygyň çäginde Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Horwatiýada geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşar. «Futzal week autumn Cup Porec ― 2019» diýlip atlandyrylýan halkara ýaryşyň duşuşyklary 20 ― 26-njy sentýabr aralygynda geçiriler.

Horwatiýaly hünärmen Robert Grdowiçiň şägirtleri ― Türkmenistanyň futzal ýygyndysy dostluk kubogy görnüşinde geçiriljek halkara ýaryşda Aziýanyň we Ýewropanyň güýçli ýygyndylarynyň birnäçesi bilen güýç synanyşar. Ýeri gelende aýtsak, baş tälimçiniň Watanynda geçiriljek halkara ýaryşa biziň ildeşlerimizden başga-da, Çernogoriýanyň, Norwegiýanyň, Belgiýanyň, Grenlandiýanyň we Saud Arabystanynyň ýygyndylary gatnaşar.

Türkmen futzalçylary Çernogoriýadan we Norwegiýadan gelen bäsdeşleri bilen «A» toparçada ýaryşar. «B» toparçany bolsa Belgiýanyň, Grenlandiýanyň we Saud Arabystanynyň ýygyndylary emele getirýär.

Biziň milli ýygyndymyz ilkinji duşuşygyny 21-nji sentýabrda geçirer. Ildeşlerimiziň ilkinji duşuşykday garşydaşy Norwegiýanyň ýygyndysydyr. 22-nji sentýabrdaky duşuşyklaryň rejenamasynda türkmen futzalçylarynyň dynç alýanlygy görkezilýän hem bolsa biziň ildeşlerimiz ol güni boş geçirmez. Şol gün milli ýygyndymyz Saud Arabystanynyň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.

23-nji sentýabrda ildeşlerimiz Çernogoriýanyň ýygyndysy bilen duşuşar. Ýaryşyň jemleýji tapgyrynyň duşuşyklary 25-nji sentýbarda geçiriler. Düzgünnama laýyklykda, şol gün toparçalarda birinji, ikinji we üçünji orunlary alan ýygyndylar goňşy toparçada şol orunlary eýelän garşydaşlary bilen duşuşar.

17-nji Sentýabrda milli ýygyndymyz Aşgabat―Istanbul―Zagreb ugry boýunça ýola duşer

Baş tälimçi Robert Grdowiç Horwatiýadaky halkara ýaryş üçin 15 futzalçyny millli ýygyndymyza çagyrdy. Olar Mülkaman Annagulyýew, Watan Ataýew, Şamuhammet Babaýew, Meretgeldi Baýramow, Şöhrat Baýramow, Daýanç Garajaýew, Allamyrat Gurbanow, Allaberdi Meredow, Öwezbaý Muhammetmyradow, Maksat Myradow, Serdar Rejebow, Berdimyrat Sapardurdyýew, Arzuwguly Sapargulyýew we Ysmaýylmuhammet Öwekowdyr.

Tejribeli futzalçylarymyzyň biri Maksat Soltanow bolsa şikes sebäpli Horwatiýadaky halkara ýaryşa gatnaşyp bilmez.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň