Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygyny kabul etdi

23:5412.09.2019
0
6155

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen paýtagtyna gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi ― diýip, TDH habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany hem-de myhman Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alşyp, özara bähbitli hyzmatdaşlyk, şol sanda söwda-ykdysady, ulag we kommunikasiýalar, energetika, öňdebaryjy tehnologiýalar ýaly möhüm ulgamlarda hem-de beýleki ugurlarda gatnaşyklar üçin uly kuwwatyň we giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Şunuň bilen baglylykda, GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 13-nji sentýabrda Aşgabatda geçiriljek mejlisiniň gün tertibi gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, mejlisde Arkalaşyga agza döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnamanyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşylar. Şol Jarnamany kabul etmek baradaky başlangyç hormatly Prezidentimize degişlidir. Myhman şu ýylyň oktýabr aýynda döwlet Baştutanlarynyň derejesinde bu resminamanyň kabul edilmeginiň däp bolan döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de GDA-nyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge ýardam etjekdigini nygtady.

Şunuň bilen bir hatarda, ynsanperwer ulgamyň GDA-nyň döwletlerini we halklaryny ygtybarly baglanyşdyryjy ugur bolup durýandygy bellenildi. Şu ýylyň maý aýynda türkmen paýtagtynda geçirilen GDA-nyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumy hem bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda özara peýdaly gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga ýardam etdi.

Duşuşygyň barşynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň öňümizdäki aýda Aşgabatda geçiriljek mejlisine, şeýle hem şonuň öňüsyrasynda geçiriljek GDA-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine taýýarlyk görmek meseleleri barada durlup geçildi. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary türkmen tarapynyň goldaw bermeginde bu ugurdaky degişli işleriň ählisiniň ýokary derejede amala aşyrylýandygyny habar berdi.

Sergeý Lebedew Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegine ýokary baha berip, geçirilýän çäreleriň ählisiniň ýokary derejede guralýandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Şunuň bilen birlikde, myhman şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň ähmiýetini aýratyn belledi. Şol foruma GDA ýurtlarynyň ählisiniň diýen ýaly wekilleri gatnaşdylar. Strategik esasda hem-de uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, milli Liderimiziň GDA-nyň giňişliginde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen döredijilikli başlangyçlarynyň doly goldanylýandygy beýan edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň