Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenisatnyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyna täze ýolbaşçy saýlanyldy

23:5412.09.2019
0
7157

11-nji sentýabrda Aşgabadyň “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VI gurultaýy geçirildi. Gurultaýyň şol senede çykaran 6/1-nji kararyny tassyklamak bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karar gol çekdi. Resminama laýyklykda, Soltangeldi Berdiýewiç Babaýewi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Gurultaýyň çykaran 6/2-nji karary tassyklanyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Ýazmuhammet Orazmuhammedowiç Öwezberdiýew saýlanyldy.

Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde (12.09.2019) habar berildi,

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň