Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2019: ertir 18-nji tapgyryň duşuşyklaryna badalga berler

17:4112.09.2019
0
8664

Ertir Aşgabatda we Balkanabatda geçiriljek iki duşuşyk bilen Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynda 18-nji tapgyryň duşuşyklaryna badalga berler. Iki günläp dowam etjek tapgyryň ilkinji gününde «Nebitçi» «Köpetdagy», «Aşgabat» «Merwi» kabul eder. 14-nji sentýabrda bolsa «Ahal» «Energetigi», «Altyn asyr» bolsa «Şagadamy» kabul eder.

Balkanabat şäherindäki 10 müň orunlyk sport toplumynda geçiriljek «Nebitçi» ― «Köpetdag» duşuşygynyň baş emini türkmenabatly R.Ereşow bolar. Oňa meýdanyň iki gyrasynda B.Atdyýew (Tejen ş.) bilen M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.) kömek berer. Duşuşygyň ätiýaçdaky emini balkanabatly hünärmen E.Annamyradow, gözegçi emini bolsa paýtagtdan M.Işmuhammedow bolar. Duşuşygyň öýlän sagat 17:30-da başlanmagyna garaşylýar.

«Aşgabat» bilen «Merwiň» arasyndaky duşuşyk paýtagtyň «Nusaý» stadionynda geçiriler. Onuň sagat 17-de başlanmagyna garaşylýar. Duşuşygyň emini Balkanabatdan S.Gurbanow bolar. Onuň şäherdeşi Ş.Hydyrow bilen A.Jumaýew (Aşgabat ş.) baş emine kömek berer. Şeýle hem duşuşykda M.Nurberdiýewiň (Aşgabat ş.) ätiýaçdaky, M.Seýitgulyýewiň (Aşgabat ş.) gözegçi emin bolup işlär.

14-nji sentýabrda geçiriljek «Ahal» ― «Energetik» duşuşygy «Aşgabat» stadionynda sagat 17-de başlar. Paýtagtdan B.Allaberdiýew duşuşygyň baş emini, M.Nurberdiýew bilen E.Annamyradow bolsa onuň kömekçileri bolar. A.Jumaýewe duşuşygyň ätiýaçdaky, B.Atajanowa (Daşoguz ş.) bolsa gözegçi emini bolmak ynanyldy.

Tapgyr şol gün geçiriljek «Altyn asyr» ― «Şagadam» duşuşygy bilen tamamlanar. «Nusaý» stadionynda geçiriljek bu duşuşyk sagat 17-de başlanar. Paýtagtdan A.Gurbanow duşuşygyň baş emini bolar. Oňa N.Garajaýew bilen H.Abdyýazow kömek berer. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň