Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň täze ýolbaşçylary saýlanyldy

14:1012.09.2019
0
1594

11-nji sentýabrda Aşgabatdaky “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýy geçirildi.

Gurultaýyň mejlisiniň dowamynda oňa gatnaşyjylar guramaçylyk meselelerine garadylar. Olar Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň agzalarynyň täze düzümini, onuň ýolbaşçylaryny saýladylar.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynyň wekilleri guramanyň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesine Ý.Öwezberdiýewi saýladylar, başlygyň orunbasary wezipesine Ý.Keriýew saýlanyldy. Bu barada TDH habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň