Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda energetik boýunça sergi we halkara maslahat öz işine başlady

12:2812.09.2019
0
6997

Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň açylyş dabarasy boldy ― diýip, TDH ýazýar.

Energetika ministrligi hem-de Söwda-senagat edarasy serginiň guramaçylary bolup çykyş etdiler. Oňa köp sanly daşary ýurtly gatnaşyjylaryň hatarynda Russiýadan, ABŞ-dan, Germaniýadan, Italiýadan, Ýaponiýadan, Hytaýdan, Türkiýeden, Eýrandan, Belarusdan, Ukrainadan we beýleki döwletlerden öňdebaryjy kompaniýalar we ugurdaş düzümler bar. Sergi gatnaşyjylaryň 130-a golaýyny — dünýäniň elektroenergetika kompaniýalarynyň, ýurdumyzyň pudaklaýyn düzümleriniň we hususy telekeçiligiň wekillerini, bilermenleri birleşdirdi.

Forum türkmen hünärmenleriniň we daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda tejribe alyşmak, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak, geljegi uly täzetekliplere seretmek üçin uly mümkinçilikleri döredýär.

Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda «Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara ylmy maslahat hemgeçirildi. Oňa ýurdumyzyň ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri, ylmy-barlag institutlarynyň hünärmenleri, daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtly bilermenler, seljerijiler, menejerler gatnaşdylar.

Halkara sergi öz işini 14-nji sentýabra çenli dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň