Soňky habarlar

Archive news

Sergeý Lebedow: “GDA-nyň esasy maksatlarynyň we wezipeleriniň ilerledilemgine Türkmenistan mynasyp goşant goşdy”

23:5011.09.2019
0
906
Sergeý Lebedow: “GDA-nyň esasy maksatlarynyň we wezipeleriniň ilerledilemgine Türkmenistan mynasyp goşant goşdy”

11-nji sentýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň 13-nji sentýabrynda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady Geňeşiniň 83-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen Aşgabada gelen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary S.N.Lebedew bilen duşuşdy. 

Duşuşygyň başynda S.Lebedew şu ýyl ýurduň Arkalaşyga başlyklyk etmeginiň çäklerinde GDA-nyň esasy maksatlarynyň we wezipeleriniň ilerledilmeginde Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän tagallalara ýokary baha berdi. Şu ýylyň maýynda Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň üstünlikli geçirilendigi bellenilip geçildi, bu bolsa ýurtlaryň arasynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine we hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ähmiýetli goşant goşdy. Soňra taraplar GDA-nyň nobatdaky Ykdysady Geňeşiniň mejlisiniň mowzuklaryna garadylar. Bu çäräniň üstünlikli geçirilmegi özara gyzyklanma döredýän meseleler, hususan-da ykdysady we durmuş syýasatynyň işlenilip düzülmegi ulgamynda GDA-nyň gatnaşyjy-döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyga özüniň oňyn täsirini ýetirmegine gönükdirilendir.

Duşuşygyň barşynda taraplar şeýle hem 2019-njy ýylyň oktýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň we GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisleriniň geçirilmegi bilen bagly bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barda  Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi internet saýtynda habar berilýär.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň