Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýyna gatnaşdy

22:5811.09.2019
0
12212

Şu gün Aşgabatdaky «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýy geçirildi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen forumyň işine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Gurultaýa gatnaşyjylaryň garamagyna forumyň gün tertibi hödürlenilýär. Ol biragyzdan tassyklanylýar.

Soňra Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy S.Babaýew geçen gurultaýdan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylan çäreler barada çykyş etdi.

Hasabatda Ýaşlar guramasynyň 2016 — 2019-njy ýyllarda dürli ugurlar boýunça alyp baran işleriniň maglumatlary beýan edildi.

1991-nji ýylyň noýabr aýynda döredilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň häzirki döwürde 4 müň 973 ilkinji guramasy, 909 müň 765 agzasy bar. Ýaşlaryň has işjeňlik görkezýänleri bu guramanyň hataryna ýyl-ýyldan barha köp çekilýär.

Ýurdumyzda ýaşlaryň arasynda her ýylda bäsleşikler we beýleki medeni çäreler geçirilýär. Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy, Gulbaba adyndaky çagalar baýragy has tapawutlananlara gowşurylýar, şeýle hem ylmy işler boýunça bäsleşik, «Ýylyň parlak ýyldyzy», «Talyp joşguny», «Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri», «Merdana nesil», «Talyp gözeli», «Iň eýjejik gyzjagaz», «Berkarar döwletiň zehinli ýaşlary». «Ylham joşguny», «Ezber gözeli» we beýleki döredijilik bäsleşikleri, sport ýaryşlary guralýar we telegepleşikler döredilýär.

Hasabat döwründe ýaşlar guramasynyň wekilleri dünýäniň 30-a golaý ýurdunda geçirilen halkara maslahatlara we sammitlere gatnaşdylar. Daşary ýurtlaryň türkmen ýaşlarynyň bilim alýan ýokary okuw mekdeplerine we bilim edaralaryna saparlar yzygiderli guralýar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen Özbegistanyň Ýaşlar guramasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň meýilnamasyna laýyklykda, «Ýaşlar we kanun» atly kanunçylyk namalarynyň ýygyndysy, 2017-nji ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýanynda Ýaş alymlar merkezi, ylym we bilim edaralarynda bolsa ýaş alymlaryň geňeşleri döredildi. 2016-njy ýylda «yashlar.gov.tm» elektron saýty açyldy.

Ýaşlar guramasynyň paýtagtymyzyň we sebitleriniň bölümleriniň ýolbaşçylarynyň, Ýaş alymlar merkeziniň, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň bölüminiň, talyplaryň we harby gullukçylaryň bölümleriniň ýolbaşçylarynyň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanda amala aşyrylýan syýasatyň baş maksady ösüp barýan ýaş nesiller hakyndaky aladadan ybaratdyr.

VI gurultaýyň mejlisiniň dowamynda oňa gatnaşyjylar guramaçylyk meselesine garadylar. Olar Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň agzalarynyň täze düzümini, onuň ýolbaşçylaryny saýladylar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynyň wekilleri guramanyň Merkezi Geňeşiniň başlygy wezipesine Ý.Öwezberdiýewi saýladylar, başlygyň orunbasary wezipesine Ý.Keriýew saýlanyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaşlar bilen duşuşmak üçin «Mekan» köşgüne gelmegi gurultaýyň wekilleri üçin garaşylmadyk ýakymly waka öwrüldi. Munuň özi milletiň Lideriniň türkmen ýaşlaryna we ýaşlar syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna möhüm ähmiýet berýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Milletiň Lideri sahna çykyp, ýygnananlara gutlag sözi bilen ýüzlendi. Döwlet Baştutanynyň çykyşy «Türkmenportalyň» aýratyn habarynda berilýär.

Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler we ony şowhunly el çarpyşmalar bilen kabul etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, «Mekan» köşgünden çykdy.

VI gurultaýa gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň Ýaşlar guramasynyň öňünde goýan wezipelerinden gelip çykýan Kararnamany biragyzdan kabul etdiler.

VI gurultaýa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň