Soňky habarlar

Arhiw

Ante Mişe «Men Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisidigime buýsanýaryn»

21:5711.09.2019
0
15738

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyrynyň çäginde Aşgabatda geçirilen duşuşykda Koreýa Respublikasynyň ýygyndysyndan 0:2 hasabynda asgyn geldi. Duşuşykdan soňra geçirilen metbugat maslahatynda Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi Ante Mişe žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi.

― Jenap Mişe, alnan netijä garamazdan, siz Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň koreý futbolçylarynyň garşysyna orta goýan oýnuna nähili baha berýärsiňiz?

― Elbetde, netije biziň haýrymyza däl. Men Koreýa Respublikasynyň ýygyndysyny gowy oýun hem-de gazanylan ýeňiş bilen gutlamak isleýärin. Ýöne başga bir aýtmak isleýän zadym biziň Aziýanyň iň güýçli ýygyndylarynyň biriniň garşysyna örän ýokary derejede oýnandygymyzdyr. Men toparyň oýnundan razy, esasan hem, ikinji ýarymda has gowy oýnadylar. Men oglanlardan näräzy däl, tersine, olara hoşallyk bildirýärin.

Men duşuşykdan öň geçirilen metbugat maslahatynda güýçli ýygynda garşy azyndan 2-3 sany amatly pursaty döretmelidigimizi aýdypdym. Ikinji ýarymda bizde şeýle mümkinçlikler boldy, ýöne dürs peýdalanyp bilmedik. Şeýle ýokary derejedäki duşuşyklarda her bir mümkinçilikden peýdalanmaga çalyşmaly. Muny başaryp bolsa, duşuşykdan deňlik ýa-da ýeňiş bilen aýrylyp bilerdik.

― Koreýa Respublikasy ýaly güýçli ýygyndynyň garşysyna Türkmenistanyň çempionatynyň geçen möwsüminiň iň gowy oýunçysy Altymyrat Annadurdyýew oýnamady. Sebäbi näme?

― Duşuşygyň öňýanynda Altymyrat Annadurdyýew şikes aldy. Şonuň üçin hem biz ony meýdana goýberip bilmedik. Elbetde, Koreýa Respublikasy bilen bolan duşuşyk hem möhüm welin, bize oktýabrda Liwan bilen boljak duşuşyk has möhüm. Men Annadurdyýew şol duşuşyg çenli doly sagalar diýip umyt edýärin. Şonuň üçin hem ony bu oýna goýberip, töwekgelçilik etmegi islemedim. Altymyrat ― biziň toparymyzyň iň tejribeli futbolçylarynyň biri. Ol hüjümde ajaýyp oýnaýar, belki tapawutlanyp ýa-da gol pasyny berip bilerdi. Sebäbi ol hem güýçli, hem çalasyn futbolçy. Men onuň şikes sebäpli oýna gatnaşyp bilmändigine juda gynanýaryn we ötünç soraýaryn.

― Koreý futbolçylary duşuşygyň ilkinji minutlarynda biziň ýygyndymyzy öz ýarym meýdanynda gysdylar. Biziň futbolçylarymyz güýçli garşydaşdan biraz ýaýdandylarmy?

― Biz Koreýanyň ýygyndysyna örän uly hormat goýýarys. Ýöne bir zady bilmegiňizi isleýäris, biz ussatlygy örän ýokary bolan futbolçylaryň garşysyna oýnadyk. Olaryň birnäçesi Germaniýanyň Bundesligasynda, Angliýanyň Premýer-ligasynda, Fransiýanyň çempionatynda, ýene birnäçesi Ýaponiýadsa oýnaýar.  Olar çykyş edýän çempionatlarynda her üç günden şeýle ýokary derejedäki duşuşyklary geçirip durlar. Her üç günden! Duşuşykdan öň men oýunçylaryma: «Gorkmaň, öz oýnuňyzy oýnaň! Şu gün biziň üçin uly baýramçylyk, öz derejäňizi bütin dünýä görkeziň! Netijeden çekinmäň, diňe öz oýnuňyza üns beriň!» diýdim.

― Duşuşykda, esasan, öz derwezämizi goramaga görkezme berdiňizmi?

― Şeýle ýokary derejeli garşydaş bilen oýnalanda, bu ― adaty ýagdaý. Eger biz öňe hereket etmäge çalşan bolsak, goragçylarymyz çalasyn koreý hüjümçileriniň tizligine ýetişmän bilerdi. Bu ýagdaý biziň derwezämize 5-6 pökginiň geçirilmegine çenli getirip bilerdi. Men beýle ýagdaýa düşmegimizi islemedim.

― 76-njy minutda meýdandaky iň işjeň oýunçymyz Arslanmyrat Amanow oýundan çykdy. Ol oýundan çykanda aýagyny tutýardy. Näme boldy, aýagynda şikes bardymy?

― Men beýle ýokary derejedäki onuň aýak myşsalarynda käbir meseleler dörändir diýip pikir edýärin.

― Siziň penjegiňizde Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň şekilindäki nyşanjyk bar. Bu siziň üçin nämäni aňladýar?

― Men häzir horwatiýaly türkmen. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisidigime bolsa tüýs ýürekden buýsanýaryn.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň