Soňky habarlar

Arhiw

Dünýä çempionaty ― 2022: Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Aşgabatda 11 ýyl 88 günden soňra ilkinji gezek utuldy

18:4911.09.2019
0
2130

Ozal hem habar berşimiz ýaly, 10-njy sentýabrda Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyrynda Koreýa Respublikasynyň ýygyndysyndan 0:2 hasabynda ýeňildi. Bu netije biziň ildeşlerimiziň paýtagtda geçirilen duşuşyklarda 11 ýyl 88 günden soňra ilkinji utulyşydyr.

Aşgabatda geçirilen halkara duşuşyklarda milli ýygyndymyz iň soňky gezek 2008-nji ýylyň 14-nji iýunynda iň soňky gezek ýeňlipdi. Täsin ýeri, şol duşuşyk hem Koreýa Respublikasynyň ýygyndysy bilen geçirildi. Duşuşyk 1:3 hasabynda myhman toparyň ýeňşi bilen tamamlandy. Ikinji bir täsinlik bolsa 11 ýyl 88 gün tapawut bilen geçirilen iki duşuşykda hem Artur Geworkýanyň milli ýygyndymyzyň düzüminde bolmagydyr.

Milli ýygyndymyzyň Türkmenistandaky iň soňky utulyşy bolsa 2017-nji ýylyň 13-nji iýunyndady. Şol güne çenli Aziýa kubogy ― 2019-a çykjakdygy eýýäm belli bolan milli ýygyndymyz Daşoguz şäherinde Bahreýniň ýygyndysyndan 1:2 hasabynda asgyn gelipdi. Bu netije türkmen futbolçylarynyň Aziýa kubogynyň saýlama tapgyryndaky ýeke-täk utulyşydyr. Hatda 2015-nji ýylyň iýun aýynda Eýranyň ýygyndysy bilen hem deňme-deň oýnandygymyzy ýatlamak isleýäris.

Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyrynda bolsa milli ýygyndymyz iki duşuşykdan soňra 3 utuk bilen toparçada üçünji orny eýeleýär. Futbolçylarymyzyň indiki duşuşygy 10-njy oktýabrda Beýrut şäherinde Liwanyň ýygyndysy bilen bolar.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň