Soňky habarlar

Archive news

Aşgabatda bouling boýunça Türkmenistanyň çempionaty tamamlandy

13:4411.09.2019
0
1401
Aşgabatda bouling boýunça Türkmenistanyň çempionaty tamamlandy

Aşgabatda bouling boýunça Türkmenistanyň çempionaty tamamlandy. Onuň ýaryşlary Olimpiýa şäherçesindäki Ýeňil atletika sport toplumynda geçirildi ― diýip, «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.

Üç günläp dowam eden milli birinjilik sportuň bu görnüşi boýunça iň ezber türgenleri saýlap almaga mümkinçilik berdi. Olar ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň düzüminde Kuweýtde geçiriljek Aziýa çempionatyna gatnaşarlar.

Çempionatyň ilkinji gününde ýekelikdäki ýaryşlar geçirildi. Erkekleriň arasynda iň gowy netijäni Serdar Ataýew görkezdi. Ikinji, üçünji orunlara bolsa Serdar Myradow bilen han Hangeldiýew mynasyp boldy. Zenanlaryň arasyndaky ýaryşda bolsa Nasiba Orazmedowa, Maýa Abdyrahmanowa hem-de Eneş Kişikowa dagylar hormat münberine çykdy.

Çempionatyň ikinji güni jübütleýin ýaryşlara beslendi. Erkekleriň arasynda hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna Serdar Ataýew ― Han Hangeldiýew jübüti mynasyp boldy. Ýaryşyň kümüş medalyny Hudaýnazar Baýramgulyýew bilen Tahyr Hanmämmedow boýnuna dakan bolsa, öňdäki üçlügi Serdar Myradow bilen Ahmet Abdyrahmanow jemledi.  Zenanlaryň arasyndaky ýaryşda Nasiba Orazmedowa ― Uzukjemal Toýlyýewa jübütine taý tapylmady. Şeýle hem Roza Jumabaýewa ― Eneş Kişikowa kümüş, Maýa Abdyrahmanowa bilen Bahar Orazberdiýewa bolsa bürünç medala mynasyp boldular.

Çempionatyň üçünji gününde garyşyk (erkek-zenan) jübütleriň arasyndaky ýaryşlar geçirildi. Bu gezek Hudaýnazar Baýramgulyýew bilen Nasiba Orazmedowa ähli bäsdeşlerinden saýlandy. Ikinji orny Azat Ataýew ― Bahar Orazberdiýewa, üçünji orny bolsa batyr Hanmämmedow ― Roza Jumabaýewa jübütleri eýeledi.    

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň