Aziýa çempionaty – 2020-niň saýlama tapgyryna taýýarlygynyň çäginde Türkiýäniň Stambul şäherinde okuw-tügrgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän Türkmenistanyň ýetginjekler (U-16) ýygyndysy “Fenerbahçe” toparynyň ýaşlar düzümi (U16) bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.
Ikitaraplaýyn hüjümlerde geçen duşuşyk ýer eýeleriniň 3:2 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Biziň toparymyzdan Begenç Maksadow bilen Begenç Mämiýew (11 m.j.u.) tapawutlanmagy başardylar.
Batyr Şyhyýewiň (U-16) tälim bermegindäki okuw-türgenleşiginiň 16-njy sentýabra çenli dowam edýändigini ýatladýarys.
Ýaşlar ýygyndymyz Stambuldaky okuw-türgenleşiginiň dowamynda ýene-de birnäçe ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.
Ýygyndy toparymyz okuw-türgenleşiginiň yzysüresi 16-22-nji sentýabr aralygynda Daşkentde geçiriljek Aziýanyň çempionatynyň saýlama tapgyryny geçirmek üçin Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherine ugur alar.
Ýeri gelende bellesek, Aziýa çempionaty-2020-niň saýlama tapgyrynyň “B” toparçasynda çykyş edýän ýetginjekler ýygyndymyzyň garşydaşlary Özbegistanyň, Hindistanyň hem-de Bahreýniň ýygyndylary bolar.