Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaşlar guramasynyň gurultaýyna gatnaşyjylary gutlady

02:1911.09.2019
0
3518

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýyna gatnaşyjylara we ýurdumyzyň ähli ýaşlaryna Gutlag iberdi. Onda şeýle diýilýär:

«Hormatly gurultaýa gatnaşyjylar!
Berkarar döwletimiziň ruhubelent we bagtyýar ýaşlary!

Sizi öňdebaryjy jemgyýetçilik guramasy bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynyň geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda aýratyn ähmiýetli wakalaryň birine öwrüljek bu gurultaýyň ýokary derejede geçiriljekdigine ynanýaryn.

Biz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmäge, onuň dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulmagyna aýratyn ähmiýet berýäris. Eziz Diýarymyzyň obalaryny, şäherçelerini, etrap merkezlerini abadanlaşdyrmak, ýokary hilli ýaşaýyş jaý toplumlaryny bina etmek, iň öňdebaryjy tehnologiýaly iri senagat toplumlaryny döretmek boýunça giň gerimli işleri durmuşa geçirýäris. Bu bolsa Garaşsyz döwletimiziň her bir raýatynyň, aýratyn-da, geljegimiz bolan ýaşlarymyzyň oňaýly şertlerde ýaşamagy, ýokary hilli bilim almagy, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin ýurdumyzda düýpli alada edilýändigini aýdyň görkezýär.

Döwletimiziň garaşsyzlygynyň we berkararlygynyň esaslaryny berkidýän, durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün edýän, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli ýokarlandyrmaga ýardam berýän üstünliklerimizde jemgyýetimiziň ähli ýaşdaky wekilleriniň, aýratyn-da, ýaşlarymyzyň hyzmaty örän uludyr.

Biz ata Watanymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegi bolan ýaşlarymyzyň alyp barýan döredijilikli işlerine ýokary baha berýäris.

Bagtyýar ýaşlarymyz döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetimiziň pudaklarynda, aýratyn-da, ylym-bilim we medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda, döwrüň iň kämil hem-de çylşyrymly tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan iri önümçilik kärhanalarynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen belent wezipeleri hem-de düýpli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Bu gün ýaşlarymyz telekeçilik we jemgyýetçilik işleri bilen meşgullanyp, halk hojalygynyň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmaga hem-de sanly ykdysadyýeti ösdürmäge hem işjeň gatnaşýarlar. Ykballaryny sporta baglan ýaş türgenlerimiz bolsa hakyky ussatlygyň ajaýyp nusgasyny görkezip, Garaşsyz döwletimiziň sport abraýyny has-da ýokarlandyrýarlar.

Mähriban ýaşlar!

Berkarar döwletimiziň syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde, umuman, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda ýokary ösüşleri we guwandyryjy netijeleri gazanmagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň we onuň ähli agzalarynyň mynasyp goşandy bardyr.

Bu gurama berk bedenli, ruhy taýdan sagdyn, syýasy taýdan durnukly, ýokary hünärli, işbaşarjaň, Watana wepaly nesilleri kemala getirmek boýunça netijeli işleriň gözbaşyny özüniň döredilen döwründen, ýagny mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden alyp gaýdýar. Şondan bäri geçen wagtyň içinde gurama ýaşlary jebisleşdirmekde, olaryň güýç-kuwwatyny, aň-düşünjesini Watanymyzy mundan beýläk hem ösdürmäge gönükdirmekde öz wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirip gelýär.

Biziň alyp barýan döretmek we gurmak ýolumyz häzirki döwürde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň öňünde täze wezipeleri goýýar.

Milli medeniýetine, däp-dessurlaryna daýanyp, ýaş nesillerde taryhy, medeni mirasymyza hormat goýmak we aýawly çemeleşmek endiklerini terbiýelemelidir. Guramanyň tagallalary ýaşlaryň hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmäge, olaryň arasynda ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklarymyzy, milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmäge gönükdirilmelidir.

Ata Watanyň her daban ýeriniň mukaddesligine we ezizligine aňryýany bilen düşünýän ruhubelent nesiller döwlet berkararlygymyzyň berk binýadydyr. Şoňa görä-de, ýaşlar ähli güýçlerini, bilimlerini, ukyplaryny we tejribelerini eziz Diýarymyzyň depginli ösmeginiň we bütin dünýädäki abraý-mertebesiniň belende galmagynyň hatyrasyna bagyş etmelidirler. Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň beýik geljeginiň, merdana halkymyzyň we bütin adamzadyň bagtyýarlygynyň, dünýäde parahatçylygyň bähbidine hyzmat etmek bolsa belent mertebedir we mukaddes borçdur.

Hormatly gurultaýa gatnaşyjylar!
Berkarar döwletimiziň ruhubelent we bagtyýar ýaşlary!

Sizi jemgyýetimizi jebisleşdirýän hem-de beýik ösüşlere ruhlandyrýan milli baýramymyz bolan mukaddes Garaşsyzlyk gününiň 28 ýyllygynyň öň ýanynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynyň geçirilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin».   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň