Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti bank ulgamyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

01:4111.09.2019
0
11284

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewiň hem-de Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň esasy bank edaralarynyň öňünde durýan möhüm wezipeler, Türkmenistany 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny maliýeleşdirmegiň meseleleri, sanly ykdysadyýete geçmek baradaky maksatnama, halk hojalyk toplumynda taslamalary amala aşyrmak üçin maýa goýumlary çekmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew çykyş edip, milletiň Liderine ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Hasabatda bank düzümleriniň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän anyk çäreler we raýatlar hem-de kiçi we orta telekeçilik üçin maliýe hyzmatlarynyň elýeterliliginiň derejesini ýokarlandyrmaga we gerimini giňeltmäge, ilatyň goýumlarynyň we dürli pudaklarda ykdysady taýdan bähbitli taslamalary karzlaşdyrmagyň möçberlerini artdyrmaga gönükdirilen işler barada aýdyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, bankyň ýolbaşçysyna bank ulgamynda amala aşyrylýan işleri işjeňleşdirmek, Internet ulgamynyň we ykjam aragatnaşygyň mümkinçiliklerini peýdalanmagyň hasabyna ilata hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek, çalt ösýän kiçi we orta kärhanalaryň gatnaşmagynda amala aşyrylýan taslamalary karzlaşdyrmak baradaky meselelere aýratyn üns bermek, daşary ýurt banklary hem-de halkara maliýe edaralary bilen hyzmatdaşlyk, nagt pul dolanyşygyny azaltmak we döwrebap tehnologiýalar bilen birlikde töleg kartlaryna daýanýan nagt däl hasaplaşyklaryň gurallaryny ornaşdyrmak we beýleki wezipeler boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarow ýolbaşçylyk edýän düzüminde alnyp barylýan işler, bu ulgamda öňdebaryjy tejribäni öwrenmek maksady bilen, abraýly halkara maliýe guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasat strategiýasyny amala aşyryp, ýurdumyzda amatly maýa goýum ýagdaýyny, işewürligi üstünlikli alyp barmaga hemme şertleri döredip, häzir dünýäde belent abraýa mynasyp bolmak bilen, gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen açyk, uzak möhletli, özara bähbitli we netijeli hyzmatdaşlyga taýýardygyny görkezýändigini nygtady.

Iş maslahatynyň dowamynda öňdebaryjy daşary ýurt maýadarlarynyň döwletimiz bilen strategik hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, bu düzümleriň mümkinçiligini ýangyç-energetika, obasenagat toplumlarynda, ulag-kommunikasiýa ulgamynda hem-de milli we halkara ähmiýetli beýleki pudaklarda köp sanly maýa goýum taslamalary amala aşyrylanda işjeň peýdalanmak, bankara hyzmatdaşlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, dünýäniň bank bazarynda eýelenýän ornuň güýçlendirilmegi ýaly meselelere hem seredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň