Soňky habarlar

Arhiw

Kim Ýon Gwon: «Biz Türkmenistanyň ýygyndysyna hormat goýýarys»

21:5809.09.2019
0
6510

Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyrynyň Türkmenistan ― Koreýa Respublikasy duşuşygynyň öňüsyrasynda «Arçabil» myhmanhanasynda geçirilen metbugat duşuşygynda myhman ýygyndynyň 29 ýaşly merkezi goragçysy Kim Ýon Gwon žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi.
Ol 2010-njy ýylda Guançžouda geçirilen Aziýa oýunlarynyň, iki ýyl soňra Londonda geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň bürünç medalynyň, 2015-nji ýylda Awstraliýada geçirilen Aziýa kubogynyň kümüş medalynyň eýesidir. Şeýle hem goragçy Koreýa Respublikasynyň Milli futbol assosiasiýasy tarapyndan «2015-nji ýylyň iň gowy oýunçysy» diýlip yglan edildi. Koreýanyň milli ýygyndysynda 68 duşuşyk geçiren futbolçy şolda 3 gezek tapawutlandy.
Kim Ýon Gwon «Guançžou Ewergrand» bilen AFK-nyň Çempionlar ligasynyň iki gezek (2013 we 2015), Hytaýyň alty gezek (2012, 2013, 2014, 2015, 2016, 2017) çempiony boldy. Şeýle hem ol bu toparda iki gezek (2012 we 2016) Hytaýyň kubogyna hem-de Naýbaşy kubogyna mynasyp boldy. 2019-njy ýylda futbolçy Ýaponiýanyň «Gamba Osaka» toparyna geçdi.

― Siz Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň güýjüne nähili baha berýärsiňiz?

― Biz garşydaşlarymyzyň güýjüne, esasan, soňky duşuşyk boýunça baha berip bileris. Türkmenistanyň ýygyndysyna hormat goýýarys. Türgenleşik ýygnanyşygyny geçdik we ertirki duşuşyk üçin taýýarlandyk.

― Koreý metbugaty ertirki duşuşygyň siziň üçin kyn bolmajakdygyny ýazýar. Siz bu aýdylanlary nähili teswirleýärsiňiz?

― Toparçamyzyň wekillerine nazar aýlasaň hem bize hiç haçan hem ýeňil duşuşygyň garaşmaýandygyny görmek kyn däl. Myhmançylykdaky duşuşyklarymyz-a, asla-da, ýeňil bolmaz. Bize uzak ýol garaşýar. Oňa bolsa ertir girişeris. Şonuň üçin ertir iň gowy oýnumyzy orta goýmaga synanyşarys.

― Geçen hepde Gruziýanyň ýygyndysy bilen geçiren ýoldaşlyk duşuşygyňyz 2:2 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. Bu netije nämeden habar berýär?

― Topar täze taktikany özleşdirmäge synanyşýar. Biz deňme-deň oýnadyk, sebäbi ýakynda öz oýun taktikamyzy üýtgetdik. Şonuň üçin azda-kände ünsümizi gowşatdyk, esasan hem birinji ýarymda bizde käbir ýalňyşlyklar boldy. Netijede bizi kanagatlandyrmady. Men bu deňlik bize sapak bolandyr we ýalňyşlyklary ertir goýbermeris diýip pikir edýärin.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň