Dünýä çempionaty - 2022, saýlama tapgyr: Türkmenistan - Koreýa Respublikasy duşuşygyna BAE-li hünärmenler eminlik eder

16:3009.09.2019
0
7510

Dünýä çempionaty 2022-niň saýlama tapgyrynyň çäginde Aşgabatda duşuşýan Türkmenistanyň hem-de Koreýa Respublikasynyň ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşykda FIFA-nyň emini Ammar Ali Al Junaýbiniň ýolbaşçylygyndaky BAE-li eminler topary eminlik eder.

Al Junaýba onuň ildeşleri Jasem Abdulla Al Ali bilen Ahmed Said Al Raşedi kömekleşerler.

Ätiýaçdaky eminiň wezipesini Omar Muhammed Al Ali, eminleriň gözegçisiniň wezipesini bolsa malaýziýaly Salerajjen Subramaniam ýerine ýetirerler.

Duşuşygyň komissary täjigistanly Dawlatmand Islomow bolar.

Saýlama tapgyrçasynyň “H” toparçasynda çykyş edýän Türkmenistanyň hem-de Koreýa Respublikasynyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň 10-njy sentýabrda paýtagtymyzdaky “Köpetdag” stadionynda geçirilýändigini ýatladýarys. Bu duşuşyk 19:00-da başlanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň