Türkmenistanda söwda ulgamy sanly görnüşe geçýär

15:5509.09.2019
0
3782

«Agzybirlik tilsimaty» kärhanasy tarapyndan şu günler Aşgabat şäheriniň çäklerinde döwlet söwda ulgamy sanlaşdyrylýar. Has takygy, paýtagtymyzdaky Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň garamagyndaky dükanlaryň 186-synyň ählisi elektron söwda usulyna geçiriler. Bilelikdäki kärhana bu wezipäni şu ýylyň ahyryna çenli ýerine ýetirmegi meýilleşdirýär ― diýip, TDH habar berýär.

Şu merkezleşdirilen ulgam arkaly hünärmenler söwda ulgamynyň ähli desgalarynyň harytlaryň görnüşleri boýunça üpjünçiligi barada maglumatlary almaga, dükanlarda olaryň ätiýaçlyk gorlaryny öz wagtynda doldurmaga, bökdençsiz üpjün etmegi ýola goýmaga mümkinçilik berer. Bu tehnologiýanyň ornaşdyrylmagy satuwlar boýunça elektron hasabatlylygy we haryt iberijiler bilen hasaplaşyklary ýöretmäge, bazara netijeli gözegçilik etmäge we ony dolandyrmaga mümkinçilik berer.

Alyjylaryň amatlylygy üçin internetde her bir dükan — onuň salgysy, habarlaşmak üçin maglumatlary, harytlaryň görnüşleri, olaryň hil derejesi, öndürilen senesi we ýeri, önümleriň gaplanylyşy, ýaramlylyk möhleti we beýlekiler baradaky maglumatlary özünde jemleýän ýörite saýt dörediler. Saýtda harydy öýe çenli getirmek şerti bilen buýurmak, sowal-jogap görnüşinde goşmaça maglumatlary alyp bolar. Bu ulgam içerki bazarda islegleri öwrenmäge mümkinçilik berer.

Bu taslama Aşgabat şäher telefon ulgamy bilen bilelikde durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda degişli işler tamamlanansoň, welaýatlaryň söwda edaralarynda elektron ulgamyny girizmek meýilleşdirilýär.

Bazarlar babatynda hem şeýle taslama taýýarlanylýar. Mysal üçin, «Gülüstan» bazarynda söwdanyň elektron görnüşi ornaşdyrylýar, bu bazaryň eýýäm özüniň web-saýty bar, onuň üsti bilen harytlaryň sanawy bilen tanşyp, elektron karta arkaly sargyt edip hem-de tölegleri geçirip bolar. Düýbünden satyjytalap edilmeýän «akylly» bazary döretmek teklibi hem bar.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň