Türkmenbaşy şäherinde täze dermanhana açylyp, ulanmaga berildi

13:5609.09.2019
0
9943

Türkmenbaşy şäherinde täze dermanhana açylyp, ulanmaga berildi. Ol şäheriň Kenar etrabynda “Tebigat çeşmesi” hususy kärhanasy tarapyndan açyldy ― diýip, TDH habar berýär.

Etrabyň Magtymguly köçesiniň ugrunda gurlan dermanhananyň umumy eýeleýän meýdany 366 inedördül metrden gowrak bolup, ilata derman serişdeleri bilen baglanyşykly hyzmatlary ýola goýýan ugurdaş desgalara bildirilýän ähli talaplara doly laýyk gelýär.

Dermanhananyň giň zalynda derman serişdeleriniň, lukmançylyk önümleriniň, anyklaýyş gurallarynyň we Türkmenistanda hem-de Ýewropa ýurtlarynda öndürilen beýleki enjamlaryň söwdasyny guraýan bölümler ýerleşdirildi. Önümleriň ýokary hilli we elýeter bahadan bolmagy döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan bildirilýän möhüm talaplaryň biridir.

Mundan başga-da, taslama laýyklykda, müşderilere, şol sanda hassahanalaryň lukmanlaryna we tiz lukmançylyk kömegi toparlaryna hyzmat edýän otaglar göz öňünde tutuldy. Şeýle hem bu ýerde arassalaýyş bölümi, ammar we beýleki desgalar bar.

Arakesmesiz we dynç günsüz işleýän dermanhananyň işgärler düzümi ýokary derejeli hünärmenlerden ybaratdyr. Munuň özi alyjylara zerur serişdeleri almaga däl-de, eýsem, gyssagly hem-de ýokary derejeli maslahatlary almaga mümkinçilik berýär. Bu ýerde şeýle hem sorag-jogap gullugyny döretmek meýilleşdirilýär.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň