Rahmet Şermetow «Alganyň» «Akademiýadan» üstün çykmagyna goşant goşdy

23:4808.09.2019
0
3824

Gyrgyz Respublikasynyň «Alga» futbol toparynyň türkmenistanly ýarym goragçysy Rahmet Şermetow 19-njy tapgyryň senesi üýtgedilen duşuşygynda toparynyň «Akademiýa-Lideri» uly hasap bilen ýeňmegine goşant goşdy. Duşuşyk Rahmet Şermetowyň toparynyň 4:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Esasy düzümde meýdana çykan ildeşimiz duşuşygyň 85-nji minudynda tapawutlanyp, toparynyň ýeňşine goşant goşdy. Şol bir wagtyň özünde bu gol şu duşuşykda geçirilen iň soňky pökgüdir.

Yzda galan 19 tapgyryň duşuşyklaryndan soňra «Alga» 25 utuk bilen ýaryş tertibiniň 6-nj6 ornunda. Ýöne ýeňişli tapgyry dowam etdirip bilse, topara 4-nji orna çenli çykmaga mümkinçilik bar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň