Soňky habarlar

Arhiw

ürkmen türgenleri söweş sungaty boýunça Bütindünýä oýunlarynda 26 medal gazandylar

21:0608.09.2019
0
8386

Koreýa Respublikasynyň Çungju şäherinde dünýäniň 100 ýurdundan türgenleriň 4 müňe golaýynyň gatnaşan söweş sungaty boýunça Bütindünýä oýunlarynda Türkmenistanyň milli ýygyndy topary sambo we söweş sambosy boýunça bäsleşiklerde ýene dokuz medal gazandy.

Ildeşimiz Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby Begenç Baltaýew 74 kg. agram derejesinde çykyş edip, bürünç medaly gazandy.

Şondan bir gün ozal “sambo” we “söweş sambosy” düzgünleri boýunça geçen ýaryşlar türgenlerimize medallaryň bäşisini getirdi. Olaryň 3-si altyn medaldyr.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi goşun sport klubynyň esgeri Guwanç Begalyýew (90 kg.), Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgäri Gülnar Haýytbaýewa (62 kg.) we Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgäri Çarymyrat Annagurbanow (90 kg.) öz agram derejelerinde ýeňijiler boldular.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 3-nji ýyl talyby Jemal Hojakulyýewa (52 kg.) çekeleşikli ýaryşda kümüş medal, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň harby talyplar batalýonynyň wzwod serkerdesi Rüsdem Penjiýew bolsa (82 kg.) bürünç medal gazandylar.

Çungju şäherinde geçen söweş sungaty boýunça Bütindünýä oýunlary tamamlandy. Türkmenistanyň ýygyndy topary Watanymyza dürli derejeli medallaryň ýigrimi altysy bilen gaýdyp gelýär, olaryň 8-si altyn, 12-si kümüş we galan 6-sy bürünç medallardyr.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň