Soňky habarlar

Arhiw

Mary şäherinde futzal boýunça ýaş ýetginjekleriň arasynda welaýat birinjiligi geçirildi

19:5908.09.2019
0
1771

Şu gün  Mary şäherinde 2007-nji ýylda doglan ýaş ýetginjekleriň arasynda futzal boýunça welaýatyň birinjiligi geçirildi. Utulan çykdy usulynda geçirilen birinjilige toparlaryň 10-sy gatnaşdy. Olaryň arasynda welaýat merkeziniň toparlary bilen bilelikde, Baýramaly, Sakarçäge, Ýolöten, Serhetabat ýaly etrap-şäherlerden gelen toparlar hem bar.
Mary şäherindäki 1-nji sport mekdebinde geçirilen deslapky duşuşyklaryň netijesinde "Olimp 1" hem-de "Bagtyýar zaman" toparlary ýaryşyň finalyna çykdylar. Iň güýçlüleriň arasynda geçirilen final duşuşygynda "Olimp 1" garşydaşyny 7:1 hasabynda ýeňdi.
Ýaryşyň ahyrynda onuň ýeňijilerine Hormat hatlary we baýraklar gowşuryldy.
 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň