Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen telewideniýesiniň tehniki mümkinçilikleri kämilleşdirilýär

14:5708.09.2019
0
1507

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 6-njy sentýbarda geçirilen mejlisinde wise-premýer B.Abdyýewa döwlet Baştutanyna Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň tehniki enjamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilmegi göz öňünde tutulýan işler barada hasabat berdi.

Milli telewideniýäniň işini kämilleşdirmek, sanly ykdysadyýete geçmek boýunça döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, pudagara topar döredildi. Geçirilen seljermäniň netijesinde alnan maglumatlaryň esasynda 2019 — 2025-nji ýyllarda üç tapgyrda Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň tehniki enjamlaryny döwrebaplaşdyrmagyň meýilnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy.

Bu meýilnamany üstünlikli amala aşyrmak üçin «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň ýaýradyjy enjamlaryny döwrebaplaşdyrmak zerur bolup durýar.

Wise-premýer döwlet Baştutanyna zerur bolan döwrebap enjamlary satyn almak boýunça halkara bäsleşigi yglan etmäge rugsat bermegi uly hormat bilen haýyş etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwrebap enjamlary hem-de pudagyň soňky ýyllarda döredilen maddy-enjamlaýyn binýadyny, şol sanda sanly telewideniýäniň, emeli hemranyň mümkinçiliklerini nazara almak bilen, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, şeýle hem medeniýet ulgamynyň beýleki edaralarynyň hem-de habar beriş serişdeleriniň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň ähmiýetini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri ýokary hünär derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna, şeýle hem işgärleriň hünärleriniň kämilleşdirilmegine aýratyn üns bermegiň wajypdygyny belledi. Mundan beýläk-de, öz ugurlary boýunça ussat hünärmenleri, iň gowy radio we telegepleşigini kesgitlemäge gönükdirilen hem-de beýleki ugurlar boýunça döredijilik bäsleşiklerini geçirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutany wise-premýere bu babatda degişli görkezmeleri berdi.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň