Soňky habarlar

Arhiw

TNGIZT-de önümçilik döwrebaplaşdyrylýar

14:4608.09.2019
0
1953

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 6-njy sentýabrda geçirilen mejlisinde wise-premýer M.Meredow döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowa ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şunda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan nebit önümleriniň öndürilişini artdyrmak maksady bilen, önümçiligi döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işlere aýratyn üns berildi.

Bu işleriň ýokary depginde dowam etdirilmegi TNGIZT-de nebiti gaýtadan işlemegiň çuňlugyny we suwuklandyrylan gazyň, benziniň, dizel ýangyjynyň hem-de nebit koksunyň öndürilişiniň mukdaryny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň