Aşgabatda Türkmenistanyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşine bagyşlanan maslahat geçiriler

14:3708.09.2019
0
650

Şu ýylyň 14-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 28 ýyllyk baýramyna bagyşlanylan «Türkmenistanyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşi» atly ylmy-amaly maslahat geçiriler. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 6-njy sentýabrynda geçirilen mejlisinde döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowa bu halkara maslahata taýýarlyk görlüşi barada hem hasabat berildi.

Forumda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmelere bagyşlanan çykyşlar hödürlener.

Türkmen döwletiniň Baştutany milli ykdysadyýetimiziň ýeten derejesini we geljekki ösüşini, täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda bolup geçýän düýpli özgertmeleriň oňyn netijelerini görkezýän çäreleriň ähmiýetini belläp, ýurdumyzyň baş baýramy bolan mukaddes Garaşsyzlyk gününe bagyşlanyp guraljak ylmy-amaly maslahatyň hödürlenen meýilnamasyny makullady. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri öňde boljak forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek üçin degişli çäreleri görmek barada degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň