Soňky habarlar

Arhiw

2020-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk ýubileýi belleniler

14:2008.09.2019
0
1435

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisine gatnaşmagy meýilleşdirýär.  Ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak bu babatda möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitarap döwlet hökmünde halkara derejede ykrar edilmeginiň 25 ýyllygy belleniler.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan geljek ýylyň dekabrynda Aşgabatda Parahatçylyk, howpsuzlyk we ösüş boýunça halkara maslahaty geçirmek teklibi bilen çykyş edýär. Şeýle hem BMG-niň dolandyryjy düzüm birlikleriniň, onuň komissiýalarynyň komitetleriniň işinde Bitaraplygyň ähmiýetine syýasy-hukuk tarapdan seretmek teklip edilýär.

Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 6-njy sentýabrda geçirilen mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow türkmen döwletiniň Baştutanyna hasabat berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň