Soňky habarlar

Arhiw

Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniň düýbi tutulan ýerde dabaraly çäre geçirildi

12:1908.09.2019
0
5708

Şu gün Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde bu ýerde amala aşyrylýan giň gerimli şähergurluşyk işleri — welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň döredilmegi mynasybetli dabaralar boldy. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň ýolbaşçylary we deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, welaýatyň etraplarynyň häkimleri, ýurdumyzyň ähli sebitlerinden ýaşulular, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, telekeçiler, welaýatyň köp sanly ilaty we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

...Taryhy ähmiýeti bolan waka mynasybetli baýramçylyk dabaralary Yzgant şäherçesiniň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgüniň öňündäki meýdançada başlandy. Soňra bolsa dabaralar onuň içinde çykyş etdi.

Bu ýerde Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedow we welaýata gözegçilik edýän wise-premýer Ç.Gylyjow çykyş edip, welaýatyň ilatynyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan bu çözgüdiň sebitiň çäklerinde giň möçberli işlere badalga berilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrülendigini bellediler. Şeýlelikde, asylly däbe görä, tutumly işler şatlyk-şowhuna beslenýän medeni çäreler bilen utgaşýar. Munuň özi döwlet Baştutanynyň Karary esasynda badalga berilýän asylly işlere halkymyzyň buýsanjynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşyk işleriniň hili we şolaryň bellenilen möhletde ýerine ýetirilmeginiň gözegçilikde saklanylmagy baş talap bolup durýar. Çykyşlarda bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyryljakdygy, gurluşykda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň utgaşdyryljakdygy nygtaldy.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyza Ýüzlenme kabul etdiler.

Soňra dabara Medeniýet köşgüniň kaşaň sahnasynda medeniýet we sungat ussatlarynyň taryhy waka mynasybetli taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi.

Konsertde soňra giň möçberli çärä gatnaşyjylar Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň gyzgalaňly alnyp barlyşy bilen ýerinde tanyşdylar.

Şu günki dabara mynasybetli Yzgant şäherçesindäki «Toý mekanynda» toý sadakasy berildi.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň