Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti döredijilik intelligensiýanyň birnäçe wekillerine hormatly atlary dakdy

20:0907.09.2019
0
8661

7-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdiimuhamedow «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramy mynasybetli medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerine hormatly atlary dakmak hakynda» Permana gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň milli medeniýetini, teatr, kino, aýdym-saz sungatyny, žurnalistikasyny we medeni aň-bilim edaralaryny ösdürmäge, zehinli ýaş döredijilik işgärlerini taýýarlamaga we terbiýelemäge goşan aýratyn goşantlaryny, ýokary ýerine ýetirijilik hem-de hünär ussatlygy bilen döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren uly hyzmatlaryny, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal, döredijilikli zähmetini we joşgunly zehinini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramy mynasybetli, şu medeniýet, sungat, döredijilik işgärlerine Türkmenistanyň hormatly atlary dakyldy:

«Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň sahna ussady Tyllagözel Baýlyýewna Ýakubowa,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Estrada sungaty kafedrasynyň mugallymy Atajan Beşimowiç Berdyýewe;

«Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» diýen hormatly ady:

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Halk döredijiligi bölüminiň çeper ýolbaşçysy Aram Simonowiç Melkumýana,

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Gündelik däl neşirleri çykarmak we meýilleşdirmek müdirliginiň Okuw kitaplaryny çykarýan bölüminiň baş hünärmeni Hekim Täçkuliýewiç Saparkuliýewe;

«Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň baş ýolbaşçysy Täçmämmet Amangulyýewe,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň Türkmenistanyň Döwlet horunyň artisti Nurýagdy Sapardurdýewiç Rejepowa,

Ahal welaýat medeniýet müdirliginiň «Ahal öwüşginleri» etnografik folklor tans toparynyň artisti Guwanç Kakadurdyýewiç Ýazmämmedowa,

Gurbansoltan Nurýagdyýewa (merhum, M.Täçmyradow adyndaky Türkmen döwlet filarmoniýasynyň aýdymçy-artisti bolan);

«Türkmenistanyň at gazanan bagşysy» diýen hormatly ady:

Balkan welaýatynyň Etrek etrabyndaky 8-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Ahmetberdi Mededowa;

«Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti» diýen hormatly ady:

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Žurnalistika kafedrasynyň müdiri Agamyrat Mämmedowa.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň