Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi

01:3907.09.2019
0
7781

6-njy sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanyna şu meseleler boýunça hasabat berildi:

― Türkmenistanyň wekiliýetiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 17-nji sentýabrda Nýu-Ýork şäherinde öz işine başlajak nobatdaky mejlisiniň işine gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk;

― GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 83-nji mejlisini geçirmäge taýýarlyk görlüşiniň barşy;

― «Türkmenistanyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşi» atly ylmy-amaly maslahata taýýarlyk görlüşi;

― Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan nebit önümleriniň öndürilişini artdyrmak maksady bilen, önümçiligi döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler;

― ýurdumyzyň energetika pudagynda ulanylýan kadalaşdyryjy, hukuknamany döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler;

― ýurdumyzyň senagat toplumynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça görülýän çäreler;

― öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda işleýän täze pudaklaýyn önümçilikleri döretmek, ýerli tebigy çig maly ulanmagyň hasabyna daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilmegini ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler;

― söwda toplumyndaky işleriň ýagdaýy, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň alyp barýan işleri hem-de ýurdumyzda kiçi we orta işewürligi ösdürmekde döwlet tarapyndan berilýän goldawlara degişli çäreleriň durmuşa geçirilişi, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän we eksport ugurly önümçilikleri giňeltmek boýunça mundan beýläkki göz öňünde tutulýan çäreler;

― Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygynyň öňüsyrasynda, 23-nji sentýabrda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXII maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk;

― Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň tehniki enjamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilmegi göz öňünde tutulýan işler;

― oba hojalygynda özgertmeleriň geçirilişi hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy;

― «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy.

Döwlet Baştutany gozgalan meseleleriň ählisi boýunça degişli ýolbaşçylara möhüm tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň