Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçiriler

00:5707.09.2019
0
4491

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 6-njy sentýbarda geçirilen mejlisinde wise-premýer G.Myradow döwlet Baştutanyna 2019-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilmegi bellenilen GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 83-nji mejlisini geçirmäge taýýarlyk görlüşiniň barşy barada hasabat berdi.

13-nji sentýabrda Aşgabatda geçiriljek bu duşuşygyň gün tertibine Arkalaşygyň çäklerinde netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň ileri tutulýan meseleleri giriziler. Şeýle hem milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenilip taýýarlanylan GDA gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnamanyň taslamasyny ylalaşmak göz öňünde tutulýar.

Mejlis tamamlanandan soň «Sanly ulgama geçişiň esasy ugurlary» atly tanyşdyryş çäresini guramak meýilleşdirilýär. Oňa ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň degişli hünärmenleri gatnaşar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň