Arhiw

Klaus Parhofer: «Geçirilen sekiz forum saglygy goraýyş boýunça türkmen-german hyzmatdaşlygynyň netijelidigini görkezdi»

00:5407.09.2019
0
5536

Aşgabatda geçirilen Saglygy goraýyş boýunça VIII türkmen-german forumynda GFR-iň Mýunhen şäheriniň Grosshaderndäki Maksimilian-Lýudwig adyndaky uniwersitetiniň klinikasynyň professory Klaus Parhofer türkmen metbugatyna şeýle gürrüň berdi:

— Saglygy goraýyş boýunça türkmen-german forumy 2011-nji ýyldan bäri yzygiderli geçirilip gelinýär. Birinji türkmen-german forumy 2011-nji ýylyň 21 — 22-nji noýabrynda GFR-iň Mýunhen şäheriniň Grosshaderndäki Maksimilian-Lýudwig adyndaky uniwersitetiniň klinikasynda geçirildi. Şonda saglygy goraýyşda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça anyk ugurlary kesgitleýän Ähtnama gol çekildi. Bu bolsa türkmen lukmançylygyna täze usullaryň ornaşdyrylmagyna, lukmanlaryň, hünärmenleriň arasynda özara tejribe alşylmagy netijesinde gatnaşyklaryň ýygjamlaşmagyna getirdi.

Forumyň gün tertibi saglygy goraýyş pudagyndaky gaýragoýulmasyz wezipeler nazara alnyp düzülýär. Şeýle duşuşyklarda kabul edilen çözgütler saglygy goraýşyň dürli ulgamynda öz netijelerini berýär. Mysal üçin, şundan öňki, VII forum 2018-nji ýylyň 5 — 6-njy martynda Berlinde geçirildi. Onda ortopediýa, şolsanda çagalar ortopediýasy hem-de fizioterapiýa meselelerine üns berildi. Türkmenistanda we Germaniýada lukmançylygyň bu ugurlarynyň ýagdaýy boýunça çykyşlar guraldy, keselleriň öňüni alyş işi şöhlelendirildi, ortopediýa tehnikasynda häzirki zaman çözgütleri, işgärleri okatmagyň aýratynlyklary we beýleki meseleler beýan edildi. Biziň geçiren sekiz forumymyz hyzmatdaşlygymyzyň saglygy goraýşyň möhüm ugurlarynyň we lukmançylygyň ulgamlarynyň köpüsi boýunça netijelidigini tassyklady.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň