Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Saglygy goraýyş boýunça VIII türkmen-german forumy geçirildi

23:0006.09.2019
0
5136

«Ýyldyz» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Saglygy goraýyş boýunça VIII türkmen-german forumy geçirildi. Ol geçirilip gelýän ýyllarynda iki dostlukly ýurduň arasynda lukmançylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek üçin netijeli çärä öwrüldi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän forum Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda baglaşylan hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşygyň çäklerinde guralýar.

Şu duşuşyga GFR-iň belli hassahanalarynyň tanymal alym-professorlary, türkmen tarapyndan bolsa döwlet edaralarynyň we ylmy-kliniki merkezleriň, şypahana-bejeriş edaralarynyň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşýarlar.

Forumyň gün tertibine pediatriýa, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, beýleki birnäçe ugurlar boýunça öňdebaryjy tejribäni hem-de özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak, Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda sanly lukmançylygy ornaşdyrmak we ýokary tehnologiýalary ulanmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak girizildi.

Forumyň birinji güni paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goramak baradaky ylmy-kliniki merkeziň iň gowy işleriniň mysalynda täze doglan, agramy ýetmeýän çagalara nähili seretmeli diýen meselä garaldy. Bu merkeziň hünärmenleri nemes kärdeşleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýärler, şol sanda wagtyndan öň dünýä inen bäbeklere seretmegiň täze usullaryny özleşdirýärler.

Çaga rewmatologiýasynyň möhüm meseleleri Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasyndan bolan lukmanlar tarapyndan gozgaldy. Dürli müşgillikler boýunça ýurdumyzyň lukmançylyk merkezleriniň esasy hünärmenleriniň çykyşlary hem diňlenildi, lukmanlar şol meselelere çylşyrymly ýagdaýlarda sezewar bolýarlar. Şunda diňe wezipeleriň goýluşy barada aýdylman, eýsem, öz netijeliligini subut eden anyk çözgütler getirildi.

German professory, öz nobatynda, öz tejribesini paýlaşdy hem-de ol ýa-da beýleki keseli bejermegiň täze usullaryny peýdalanmagyň netijeleri barada gürrüň berdi. Hususan-da, şu gün foruma Mýunhen şäheriniň Dritter Orden Kinderklinik hassahanasynyň çaga hirurg-ortopedi doktor Winsent Frimberger, Augsburgyň uniwersitet klinikasynyň pediatry Mihael Gerstlauer, Grosshadern hassahanasynyň (Mýunhen) pediatriýa klinikasynyň çaga endokrinology Henrih Şmidt, Ahen şäheriniň RWTH uniwersitetiniň çaga klinikasynyň çaga onkologiýa we sütün öýjükleriniň transplantasiýa bölüminiň müdiri Udo Kontny çykyş etdiler.

Çykyşlaryň dowamynda şekilli tanyşdyrmalaryň, wideoşekilleriň ulanylmagy Türkmenistanyň we Germaniýanyň klinikalarynda girizilen hem-de ýüz tutan adamlaryň ömrüni halas etmäge we olaryň saglygyny dikeltmäge kömek edýän birnäçe täzeliklere aýdyň baha bermäge mümkinçilik berdi.

Forumyň ertirki güni Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralarynda barha giňden peýdalanylýan sanly lukmançylyga we öňdebaryjy tehnologiýalara bagyşlanylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzda 2019 — 2025-nji ýyllar üçin saglygy goraýşyň sanly ulgamyny ösdürmegiň strategiýasy işlenilip taýýarlanyldy. Şol strategiýa optiki-süýümli aragatnaşyk hem-de lukmançylyk edaralaryny zerur enjamlar bilen üpjün etmegi, şolary kompýuterleşdirmegi we informatizasiýalaşdyrmagy göz öňünde tutýar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň