Soňky habarlar

Arhiw

Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyry: Amanow 11-nji, Orazsähedow 4-nji goluny geçirdi

12:4406.09.2019
0
1537

Düýn Şri-Lanka bilen geçirilen duşuşykdaky gollar milli ýygyndymyzda Wahyt Orazsähedowyň 4-nji, Arslanmyrat Amanowyň bolsa 11-nji goludyr. Bu sepgide ady agzalan futbolçylaryň birinjisi 8, ikinjisi bolsa 40 duşuşykda ýetdi.

Ýeri gelende, kapitan Arslanmyrat Amanowyň Türkmenistanyň futbol ýygyndysynda ýubileý ― 40-njy duşuşygyny geçirendigini aýratyn aýtmak isleýäris. Milli ýygyndynyň hatarynda ýaşyl meýdana ilkinji gezek 2009-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Wýetnam bilen geçirilen duşuşykda (0:1) çykan kapitan ilkinji pökgüsini 2010-njy ýylyň 24-nji fewralynda Täjigistanyň milli ýygyndysynyň derwezesine (2:0) geçirdi. Milli ýygyndydaky ilkinji sary kartyny bolsa 2012-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Rumyniýanyň ýygyndysy bilen geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynyň (0:4) 70-nji minudynda gördi.

Arslanmyrat Amanow Şri-Lanka bilen bolan duşuşykdan ozal iň soňky pökgüsini şu ýylyň 9-njy ýanwarynda Ýaponiýanyň milli ýygyndysynyň derwezesine geçirdi. Onuň bu goly Aziýa kubogy ― 2019-yň iň owadan gollarynyň arasyna hem goşuldy.

Ýeri gelende aýtsak, milli ýygyndyda 11-nji gezek tapawutlanan Arslanmyrat Amanow iň netijeli futbolçylarymyzyň arasynda Rejepmyrat Agabaýew bilen bilelikde üçünji orny paýlaşýar. Sanawyň başynda 16 gol bilen Wladimir Baýramow, ikinji orunda 14 gol bilen Çaryýar Muhadow bar.

Wahyt Orazsähedow bolsa milli ýygyndynyň köýnekçesini ilkinji gezek 2016-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Gyrgyzystanyň ýygyndysy bilen geçirilen duşuşykda (0:1) geýdi. Milli ýygyndydaky ilkinji pökgüsini 2017-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Singapuryň ýygyndysyna geçirdi. Hatda ol milli ýygyndydaky ilkinji sary kartyny hem şol duşuşykda aldy. Ol düýnki duşuşykdan ozal iň soňky goluny geçen ýylyň 25-nji dekabrynda Owganystanyň milli ýygyndysy bilen geçirilen (2:0) ýoldaşlyk duşuşygynda geçirdi. Hüjümçi milli ýygyndyda geçiren gollarynyň sany boýunça iň netijeli futbolçylaryň arasynda 12-nji orunda. Ýöne ol bu orny 9 futbolçy bilen bile paýlaşýar.

Wahyt Orazsähedow milli ýygyndyda oýnan duşuşyklarynda eminden bir gezek sary kart aldy. Kapitanyň bolsa 40 duşuşykda 6 sary karty bar.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň