Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyry: Türkmenistan birinji tapgyrdan soň «H» toparçanyň lideri

12:3706.09.2019
0
1346

Dünýä çempionatynyň saýlama duşuşyklarynyň birinji tapgyrynda Şri-Lankanyň ýygyndysyny myhmançylykda 2:0 hasabynda ýeňen türkmen futbolçylary häzir «H» toparçada birinji orny eýeleýärler.

Şu tapgyrda KHDR hem öz meýdanynda Liwanyň ýygyndysyny edil şu hasap bilen ýeňdi. Ýöne Türkmenistanyň ýygyndysynyň bu ýeňşi myhmançylykda geçirilen duşuşykda gazanandygy üçin, biziň ildeşlerimiz ýaryş tertibiniň birinji basgançagynda görkezilýär. Mälim bolşy ýaly, toparçanyň birinji basgançagy Dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin göreşi dowam etdirmäge mümkinçilik berýär. Ýöne duşuşykda soňra baş tälimçimiz Ante Mişeniň hem aýdyşy ýaly, entek ýol uzak, esasy ýaryş öňde.

KHDR-nyň ýygyndysy bolsa gazanan ýeňşi bilen toparçalarda ikinji orny eýeläp, Dünýä çempionaty üçin göreşi dowam etdirmäge hukugy bolan «ikinjileriň» başyny çekýär. Umuman, birinji tapgyrdan soň, «H» toparçanyň ýeňijileriniň ikisi hem gowy netijeler bilen öňdäkileriň hatarynda.

Ante Mişeniň şägirtlerine bolsa has jogapkärçilikli duşuşyk 10-njy sentýabrda garaşýar. Şol gün milli ýygyndymyz Aşgabatdaky «Köpetdag» stadionynda Dünýä çempionatyna 10 gezek gatnaşan Koreýa Respublikasynyň ýygyndysyny kabul eder.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň