Soňky habarlar

Arhiw

Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyry: Ali bu gezek hem parlaýar

12:2806.09.2019
0
1000

Şu ýylyň gyşynda Kataryň futbol ýygyndysynyň Aziýanyň kubogyna mynasyp bolmagyna uly goşant goşan 23 ýaşly hüjümçi Almoez Ali Dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda hem eýýämden parlady. 5-nji sentýabrda geçirilen birinji tapgyryň duşşuyklaryndan soňra ol ýaryşda iň köp tapawutlanan futbolçydyr.

Düýn Kataryň Owganystan bilen geçiren duşuşygynda (6:0) üç gezek tapawutlanan hüjümçi, şol bir wagtyň özünde, birinji tapgyrda iň çalt geçirilen goly hem (4-nji minut) öz adyna ýazdyrdy. Birinji tapgyrda katarly hüjümçiden başga üç gezek tapawutlanyp bilen futbolçy ýok.

Ýeri gelende, Almoez Aliniň geçen ýyl 23 ýaşa çenli futbolçylaryň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda we şu ýyl milli ýygyndylaryň arasyndaky Aziýa kubogynda iň netijeli futbolçy bolandygyny ýatladýarys. Ol Aziýa kubogy ― 2019-yň iň gowy futbolçysy hem saýlanyldy.

Saýlama duşuşyklar baradaky gürrüňi dowam etsek, birinji tapgyrda 6 futbolçy iki gezek tapawutlandy. 33 futbolçy bolsa duşuşyklarda bir pökgi geçirmegi başardylar. Olaryň arasynda biziň ildeşlerimiz Wahyt Orazsähedow bilen Arslanmyrat Amanow hem bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň