Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyry: Orazsähedow dördünji orunda

12:2306.09.2019
0
1039

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň saýlama duşuşyklarynyň birinji tapgyrynda Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Şri-Lankanyň ýygyndysyndan 2:0 hasabynda üstün çykdy. Biziň ildeşlerimize ýeňiş getiren bu pökgüleriň ilkinjisini duşuşygyň 8-nji minudynda hüjümçi Wahyt Orazsähedow geçirdi.

Eýsem, Wahydyň bu geçiren pökgüsi birinji tapgyryň umumy netijeleri boýunça iň çalt geçirilen gollaryň arasynda näçenji orny eýeleýärkä? «Türkmenportalyň» habarçysynyň şahsy gözleglerine görä, bu gol dördünji orny eýeleýär. Birinji tapgyrda iň çalt geçirilen gol bolsa Aziýa kubogy ― 2019-yň hem ýyldyzy ― katarly futbol Almoez Ala degişlidir. Ol Owganystanyň ýygyndysy bilen geçirilen duşuşygyň 4-nji minudynda milli ýygyndysyny öňe çykardy. Bu duşuşykda Almoez Ali het-trik etdi. Katar bolsa Owganystany 6:0 hasabynda ýeňdi.

Şeýle hem tapgyryň käbir duşuşyklarynda 6-njy we 7-nji minutlarda geçirilen pökgüler bar.

Birinji tapgyrda iň giç geçirilen pökgi bolsa Kuweýt ― Nepal duşuşygyna degişli. 7:0 hasabynda Kuweýtiň ýeňşi bilen tamamlanan duşuşykda iň soňky pökgini 90+7-nji minutda Al-Musawi geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň