Soňky habarlar

Arhiw

Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyry: 16 duşuşykda 48 pökgi geçirildi

11:4206.09.2019
0
746

Dünýä çempionaty ― 2022-niň Aziýa yklymy boýunça saýlama duşuşyklarynyň birinji tapgyrynda 16 duşuşyk geçirildi. Olarda derwezelere jemi 48 pökgi geçirildi.

5-nji sentýabrdaky duşuşyklaryň diňe birinden galanynda azyndan 1 pökgi geçirildi. Tailand bilen Wýetnamyň arasyndaky duşuşyk bolsa 0:0 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

Birinji tapgyryň iň uly hasaby Kuweýt bilen bilen Nepalyň arasyndaky duşuşyga degişlidir. Bu duşuşykda ýer eýeleri myhmanlary jogapsyz pökgüleriň 7-si bilen ýeňdiler. 6:0 hasabynda tamamlanan Katar ― Owganystan duşuşygy bolsa ikinji orny eýeleýär.

Biziň milli ýygyndymyz Şri-Lanka bilen myhmançylykda geçiren duşuşygynda 2:0 hasabynda üstün çykandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň