Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyry: öý eýeleri hem, myhmanlar hem 6 ýeňiş

11:2706.09.2019
1
6166

Düýn geçirilen 16 duşuşyk bilen futbol boýunça 2022-nji ýylda geçiriljek Dünýä çempionatynyň Aziýa yklymy boýunça ikinji saýlama tapgyryna badalga berildi. Duşuşyklarda gazanylan netijeler boýunça öý eýeleriniň we myhmanlaryň arasyndaky deňlikde nazaryň eglenýär.

Has takygy, saýlama duşuşyklaryň birinji tapgyrynda 6 duşuşykda öý eýeleri, 6 duşuşykda hem myhmanlar ýeňiş gazandylar. 4 duşuşyk bolsa deňme-deňlik bilen tamamlandy.

Ilkinji tapgyrda Şri-Lankanyň ýygyndysy bilen myhmançylykda duşuşan türkmen futbolçylary garşydaşlaryndan 2:0 hasabynda üstün çykdy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň