Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi

04:3506.09.2019
0
6691

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy.

Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beren tabşyryklaryny nazara almak bilen, şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri baradaky hasabatlary diňlenildi. Ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, kanun bozulmalarynyň öňüni almak we milli kanunçylygyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişine gözegçiligi ýola goýmak, kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler hakynda hasabatlar berildi.

Şeýle hem «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde geçirilýän çäreler, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli guraljak dabaraly harby ýörişe görülýän taýýarlyk baradaky hasabatlar diňlenildi.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, gözegçilik edýän düzümlerinde durmuş meselelerini çözmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işler barada habar berdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerimiziň goranyş ukyplylygyny goldamaga, ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamaga gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamany yzygiderli durmuşa geçirýändigini belledi. Şeýle hem Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby bölümleri we hukuk goraýjy edaralary döwrebap tehnikalar bilen üpjün etmek, şahsy düzümiň söweşjeň taýýarlygyny ýokary derejede saklamak, harby gullukçylary hem-de olaryň maşgala agzalarynyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berilmelidigini tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna ýüzlenip, oňa «Türkmen edermen» medalyny döretmek boýunça teklipleri taýýarlamagy we ony ýurdumyzyň Mejlisine hödürlemek bilen baglanyşykly işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Milletiň Lideri Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe taýýarlyk görülmegini esasy meseleleriň hatarynda görkezip, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna meýilleşdirilen dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek hem-de jemgyýetçilik tertibini saklamak maksady bilen degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy prokurorlaryň käbirlerini wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Permana we Karara gol çekdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere seredildi, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň