Soňky habarlar

Arhiw

Ante Mişe: «Biz mynasyp ýeňiş gazandyk»

01:0806.09.2019
0
9394

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Dünýä kubogynyň saýlama tapgyryna ýeňiş bilen girişdi. Ildeşlerimiz ilkinji duşuşykda Şri-Lankanyň ýygyndysyny myhmançylykda jogapsyz pökgüleriň ikisi bilen ýeňdi.

Duşuşykdan soňra geçirilen metbugat maslahatynda Türkmenistanyň ýygyndysynyň baş tälimçisi, horwatiýaly hünärmen Ante Mişe ýerli žurnalistleriň sowallaryna jogap berip şeýle diýdi:

― Biz mynasyp ýeňiş gazandyk. Duşuşygyň öňinçesi hem aýdyşymyz ýaly, biz duşuşygyň agyr geçjekdigine garaşdyk. Garaşyşymyz ýaly hem boldy. Her niçik hem bolsa, maksadymyz ýetdik: ýaryşa ýeňiş bilen girişdik.

Indiki maksadymyz Koreýa Respublikasynyň ýygyndysy bilen boljak duşuşyk. Taýýarlanmaga wagtymyz bar. Biziň üçin her bir ýeňiş juda wajyp. Geçen duşuşykda meni begendirýän esasy zat, garşydaşyň jerime meýdançasynda howply pursatlaryň ençemesini döredip bildik. Biz has köp pökgi hem geçirip bilerdik. Bu günki oýnumyzdan çen tutup, öz meýdanymyzda geçiriljek indiki duşuşykda hem mynasyp oýun görkezip biljekdigimize ynamym bar. Edil şeýle, maksada okgunly göreşi Liwanyň, KHDR-nyň ýygyndylarynyň garşysyna hem goýup bilsek, toparçada ikinji orny eýelemäge mümkinçiligimiz bar.

Häzir toparymyzyň derejesi gowy, futbolçylarymyzyň arasynda has tejribelileri hem bar. Koreýa Respublikasynyň ýygyndysy bolsa beýleki topardaşlarymyza garanyňda hem has güýçli garşydaş. Şri-Lanka biziň tomaşa eden ozalky duşuşyklarymyzdaky ýaly oýnady. Bu bolsa duşuşyk üçin meýilleşdiren oýun usulymyzy amala aşyrmaga ýardam etdi.

Bu ýeňşiň gadyry juda gymmat, ol bizi indiki ýeňişlere ruhlandyrar. Ýöne ýene bir zady unutmaly däl, ýaryşa ýaňy girişdik. Entek esasy göreş öňde. Men geljekki duşuşyklarda hem ýeňmäge-de, utuk toplamaga-da mümkinçiligimiz bar diýip pikir edýärin.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň aýnalary Şri-Lankanyň metbugat sahypalarynda getirilýär. Ýeri gelende aýtsak, türkmen futbolçylary saýlama tapgyryň indiki duşuşygyny 10-njy sentýabrda Aşgabatda geçirer. «Köpetdag» stadionynda boljak şol duşuşykda ildeşlerimiz Koreýa Respublikasynyň milli ýygyndysyny kabul eder. Nobatdaky garşydaşlarymyz 5-nji sentýabrda Gruziýanyň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Bu duşuşyk 2:2 hasabyndaky deňme-deňlik bilen tamamlandy.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň